BMW Guançžoudaky sergide ilkinji gezek düýbünden täze M235L kupesini görkezdi

  • 19.11.2024 14:41
  • 6k+

Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen awtoulag sergisinde BMW täze dört gapyly M235L kupesini hödürledi. Bu awtoulag Hytaýda öndürilen ikinji M Performance modelidir. Täze ulag uzyn teker bazasy hem-de içki we daşky dizaýnyna täzeçe çemeleşilendigi bilen tapawutlanýar diýip, Bitauto.com ýazýar.

Awtoulagyň ölçegleri 4663 x 1801 x 1457 mm, teker bazasy bolsa 2780 mm-e çenli ulaldylan, bu bolsa öňki neslinden 110 mm köp diýmekdir. Bu yzky oturgyçdaky ýolagçylaryň rahatlygyny ýokarlandyrdy. Awtoulagyň L görnüşindäki yzky çyralary we gaz çykarýan ýygşyrylan turbalary bar. M Performance wersiýasynda her tarapynda iki tüsseçykarly dört gaz çykaryjy turbaly ulgamy ulanýar.
Modeliň ähli wersiýalarynda gyzdyryjyly we elektrik bilen sazlap bolýan oturgyçlary bar. Goşmaça, sport oturgyçlary üçin massaž we bil goldawy bar. Şeýle hem, awtoulag çaknyşma duýduryşy, zolakdan çykmak duýduryşy we awtoulag duralgasy kömekçisi ýaly sürüjä kömek ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtomatiki duralga funksiýasyny My BMW programmasy arkaly dolandyryp bolýar.
Motor hataryna 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijiler girýär. 220L modeliniň iň ýokary kuwwaty 174 at güýji, 225L modeliniňki - 227 at güýji, M235L modeliniňki bolsa - 334 at güýji.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......