Parižde auksionlaryň taryhynda “iň uly dinozawryň” skeleti satyldy

  • 19.11.2024 12:08
  • 6.7k+

Ýaşy 150 mln ýyla barabar bolan dinozawryň skeleti auksionda 6 mln ýewro satyldy we ol “dünýädäki auksionlarda häzire çenli satylan” iň uly dinozawr boldy. Bu barada Collin du Bocage we Barbarossa auksion öýlerine salgylanyp, France-Press agentligi habar berýär.

Ony ady agzalmadyk kolleksioner satyn aldy. Auksionçy Oliwýe Kollin dýu Bokažyň aýtmagyna görä, ol bu skeleti muzeýe bermek isleýär.
Uzynlygy 22 m bolan ot bilen iýmitlenýän apatozawryň skeleti 75-80% asyl süňklerden ybarat. Ol 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Waýoming ştatynda tapyldy, gazuw-agtaryş işleri bolsa fransiýaly maýadaryň maliýe goldawy bilen 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda dowam etdi. Soňra Wulkan ady berlen haýwanyň galyndylary ikiýyllyk dikeldiş işleri üçin Fransiýa iberildi.


22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......