Dueýn Jonsuň gatnaşmagyndaky “Missiýa: Gyzyl” filmi ABŞ-da prokata $34 mln bilen şowsuz başlady

  • 19.11.2024 11:29
  • 6.5k+

Ilkinji uikendiniň jemi boýunça “Missiýa: Gyzyl” (Миссия: Красный) filmi öý prokatynda bary-ýogy 34 mln dollar töweregi gazandy. Amazon-yň öndüren filmi beýleki ýurtlarda ýene 50 mln dollar girdeji gazandy. Bu bolsa Kris Ewansyň we Dueýn Jonsuň gatnaşmagyndaky, takmynan, 250 mln dollar býujetli film üçin örän gowşak başlangyç hasaplanýar.

Dünýä kinoteatrlarynda filmiň premýerasy 15-nji noýabrda boldy. ABŞ-da prokatyň ilkinji güni lenta bary-ýogy 10,9 mln dollar gazandy.
Analitikler filmiň harajaty ödemek üçin azyndan 500 mln dollar gazanmalydygyny belleýärler. Häzir filmiň umumy kassa ýygymy 84 mln dollardan geçýär we geljek dynç günleri hem girdeji depgini, ähtimal, peselip biler.
“Missiýa: Gyzyl” Santa-Klausyň alnyp gaçylmagy barada gürrüň berýär. Baş gahrymanlar gürleýän ak aýy bilen bilelikde Roždestwo gahrymanynyň gözlegine ugraýarlar, ýolda olara zalym gar adamlar we beýleki mifiki jandarlar duş gelýär.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......