X sosial ulgamynda Ilon Maskyň akkauntyna ýazylanlaryň sany 200 milliondan geçdi

  • 19.11.2024 11:32
  • 4k+

Tehnologiýa magnaty Ilon Mask X sosial ulgamynda followerleriniň sany 200 milliona ýeten ilkinji adam boldy. Mask bu sosial ulgamy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda 44 milliard dollara satyn alypdy.  

Häzirki günde Maskyň akkauntyny 205 million adam yzarlaýar. Onuň yzyndan uly tapawut bilen ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama gelýär, onuň followerleriniň sany 131,2 milliona ýetýär. Üçünji orny 113,8 million yzarlaýan ulanyjy bilen futbolçy Kriştianu Ronaldu eýeleýär. Dördünji orunda 109,7 million adam bilen pop-ýyldyz Jastin Biber, bäşinji orunda 108,2 million follower bilen aýdymçy Rianna ýerleşýär.
Maskyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda X ulgamynyň aýda 600 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy we günde 300 million töweregi işjeň ulanyjysy bar.
Mask X-iň dünýäniň dürli ýerinden ulanyjylary özüne çekýän global “toparlaýyn çat” platformasyna öwrülendigini belläp, ony ulanyjylara filmler we seriallar bilen paýlaşmaga hem-de sanly tölegleri ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýän “hemme zat üçin programma” hökmünde kesgitleýär.
Şeýle-de, Mask ABŞ-da X-iň ulanylyşynyň rekord görkezijilere ýetendigini aýtdy.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
907

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...