Italiýanyň Alp daglarynda dinozawrlardan öňki süýrenijileriň adaty bolmadyk yzlary tapyldy

  • 19.11.2024 07:58
  • 5.4k+

Alp daglarynda Lombardiýa sebitinde (Italiýa) Waltellina-Orobi dag gerşinde süýrenijileriň we ýerde-suwda ýaşaýanlaryň yzlary tapyldy. Olaryň ýaşy, takmynan, 280 million ýyl. Olar howanyň üýtgemegi netijesinde buzuň eremegi sebäpli görnüp başlady diýip, The Guardian ýazýar.

Aýak yzlary Ambria jülgesinde Sondrio welaýatyndan bolan syýahatçy Klaudiýa Steffensen tarapyndan tapyldy. Ol gadymy haýwanlaryň aýak yzlary bolup çykan “geň nagyşly” bir daşa duş geldi.
Daşyň suratlary tebigat suratçysy we paleontolog Kristiano Dal Sasso iberildi. Yzlary öwrenenlerinden soň, alymlar olaryň dinozawrlar peýda bolmanka ýaşap geçen has gadymy süýrenijilere degişlidigini tassykladylar.
2023-nji ýylyň tomsunda başlanan gözlegler süýrenijileriň, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň we mör-möjekleriň ýene-de ýüzlerçe yzlaryny ýüze çykardy. Bilermenleriň sözlerine görä, yzlar azyndan bäş görnüşe degişlidir, olaryň iň ulusynyň uzynlygy 2-3 metre ýetýär.
Yzlar şeýle bir gowy saklanypdyr welin, hatda “käbir haýwanlaryň dyrnaklarynyň we garnynyň derisiniň hem yzlary görünýär” diýip, Berliniň Tebigat taryhy muzeýinden Lorenso Marketti gürrüň berýär.
Ekoulgamda ösümlik bölekleriniň galyndylary, tohumlar we hatda ýagyş damjalarynyň yzlary hem tapyldy. Pýemontyň Kuneo welaýatynyň Altopiano della Gardetta şäherinde 2200 metr belentlikde hünärmenler krokodile meňzeş  süýrenijileriň yzlaryna duş geldiler.
Tapyndylaryň käbiri eýýäm Milanyň Tebigat taryhy muzeýine iberildi we ol ýerde sergä çykarylar. Şol bir wagtda, alymlar “Zero gaýasy” diýlip atlandyrylýan sebiti öwrenmegi dowam etdirerler.


27.05.2026 01:10
2.4k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.1k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......