«Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» çap edildi. Onda 2007–2023-nji ýyllaryň statistik maglumatlary bar

  • 19.11.2024 00:12
  • 3.6k+

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde nobatdaky «Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» taýýarlanylyp, çap edildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Neşirde Türkmenistanyň 2007–2023-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşini we ýurtda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň netijeliligini giňişleýin görkezýän statistik maglumatlar jemlenipdir. Ýygyndyda ilatyň demografik görkezijilerini, onuň iş bilen meşgullygyny, durmuş we ýaşaýyş derejesini, şeýle hem milli hasaplary, maliýe, maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlar bar. Käbir görkezijiler öň neşir edilen maglumatlar bilen deňeşdirilip, has takyklanypdyr. Aýry-aýry görkezijiler boýunça usuly düşündirişleri hem berilýär.
Ýyl kitabynyň adaty bölümlerinde senagata, oba hojalygyna, ulag we aragatnaşyga, söwda we hyzmatlara, syýahatçylyga, şeýle hem durmuşy pudaga, öý hojalygynyň girdejileri we çykdajylaryna, bilimiň, ylymyň, medeniýetiň, saglygy goraýşyň ösüşine, ýaşaýyş jaý we durmuş hyzmatlaryna degişli maglumatlar bar. Kärhanalaryň we edaralaryň umumy beýany berilýär, telekeçiligiň ösdürilişi, döwlet emläginiň hususylaşdyrylyşy we kärendesine berlişi barada maglumatlar getirilýär. Täze ýyl kitabynda innowasiýa işi we maglumat tehnologiýasy barada-da maglumatlar bar.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....