Goýun süýdünden taýýarlanan peýnir 2024-nji ýylda iň gowusy boldy

  • 19.11.2024 11:37
  • 3.4k+

Goýun süýdünden taýýarlanan Queijo de Ovelha Amanteigado Portugaliýada geçirilen ýyllyk bäsleşikde dünýäde iň gowy peýnir diýlip atlandyryldy. 47 ýurtdan 4786 peýniri dünýäniň dürli künjeginden 240 bilermen dadyp gördi diýip, CNN habar berýär.

Bäsleşik Portugaliýanyň Wizeu şäherinde geçirildi, ýeňiji bolan peýnir hem bu ýurda degişli: ol Sualeýra şäherinde 10 işgärden ybarat uly bolmadyk fabrikada öndürildi. Önüm garamandalakdan alnan wegetarian fermentiniň ulanylmagy bilen taýýarlandy. Netijede, otly ajymtyk tagamly ýagly peýnir alyndy.
Eminler her peýnire daşky görnüşi, ysy, tagamy we gurluşy boýunça baha berdiler. Bilermenleriň biri Queijo de Ovelha Amanteigado peýnirini lezzetli tagamy berýän “belok bilen ýagyň ajaýyp birleşmesi” diýip atlandyrdy. Finala Braziliýadan, ABŞ-dan, Norwegiýadan, Italiýadan, Germaniýadan we Ispaniýadan jemi 14 peýnir çykdy.
2021-nji we 2023-nji ýyllarda hem bäsleşigiň ýeňijisi çäräniň geçen ýurdunda öndürilen peýnirler boldy – Ispaniýada we Norwegiýada şeýle bolupdy. Munuň geňdigine garamazdan, bäsleşigiň guramaçysy Jon Farrand bäsleşikde ähli peýnirlere emin agzalarynyň görmän baha berýändigini belledi.


24.03.2026 13:16
2.7k+

Portugaliýaly kitapsöýer ýetginjek okamagy ýoň edýär

Portugaliýadan 13 ýaşly Fransişku Boržes atly ýetginjek özüniň kitaba bolan söýgüsi we mekdep okuwçylarynyň öňünde edýän çykyşlary bilen meşhurlyk gazandy. Onuň kitaba bolan höwesi aýagy döwlüp, öýde uzak wagtlap bejergi alan döwürleri has-da güýçlendi...

17.01.2026 10:44
2.8k+

Portugaliýaly sazanda saksofonda 33 sagat saz çalyp, Ginnesiň rekordyny goýdy

Portugaliýaly saksofonçy Elwis Nunýes Souza saksofon çalmagyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynda onuň Madeýranyň Häzirkizaman sungat muzeýinde 33 sagatlap çykyş edendigi aýdylýar...

01.07.2025 13:42
10k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär...

14.05.2025 15:59
9.2k+

Portugaliýada Lego-dan äpet şäher guruldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi...