Portugaliýaly kitapsöýer ýetginjek okamagy ýoň edýär

  • 24.03.2026 13:16
  • 2.8k+

Portugaliýadan 13 ýaşly Fransişku Boržes atly ýetginjek özüniň kitaba bolan söýgüsi we mekdep okuwçylarynyň öňünde edýän çykyşlary bilen meşhurlyk gazandy.

Onuň kitaba bolan höwesi aýagy döwlüp, öýde uzak wagtlap bejergi alan döwürleri has-da güýçlendi. 

«Meniň aýagym, iki sany süňküm döwlüp, hatda ýatybam bilemokdym. Ejem iýjegimi düşegime getirip bermeli bolýardy. Telefonymam ýokdy. Onsoň maňa diňe kitap okamak galýardy» diýip, ol Euronewsyň alan interwýusynda gürrüň berdi.

Şol wagtlar ýetginjek günde 10 kitaba çenli okap bilýän eken. Häzir bolsa ol hepdede 5 töweregi kitap okaýar. Ol esasanam, öz ýaşyna mahsus edebiýatlary, meselem, Jeronimo Stiltonyň eserlerini halaýar.

Wagt geçdigiçe onuň gyzyklanmalary giňedi. Ol indi nusgawylaryň we nobelçileriň «daşyna geçdi». Agata Kristiniň detektiwlerine-de imrinýän ýetginjek ylaýta-da Erkýul Puaronyň keşbini gaty gowy görýär. Onuň kitaplar babatda öz sanawy-da bar.

Fransişku mekdep meýilnamasyndan maslahat bermeli bolsa, Çarlz Dikkensiň «Oliwer Twist» ýa-da Uilýam Goldingiň «Sinekleriň hökümdary» kitaplaryny, özünden aýtmaly bolsa, Robert Muçamorunyň «Göz öwezine göz» romanyny salgy berýändigini aýdýar. Ýöne Fransişku soňky kitabyň jenaýat dünýäsi baradadygy sebäpli, ony 12 ýaşdan kiçi çagalaryň okamagyna göwnänok. 

Kitaphon ýetginjek öz tejribesini paýlaşmak üçin mekdeplerde yzygider çykyş edýär. Mugallym Mariýa Žuan Kowaş hem kitap okamak hakda ýaşytdaşynyň berýän maslahatynyň okuwçylara has üýtgeşik täsir edýändigini begenip belleýär.

Umuman alanyňda-da Portugaliýada ýaşlaryň arasynda kitap okaýanlar az däl. Maglumatlardan çen tutsaň, 2024-nji ýylda 15–24 ýaş aralygyndaky portugallaryň 76%-i, iň bolmanda bir kitap okapdyrlar.


17.06.2026 11:22
942

VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilýär

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli guralan VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

15.06.2026 15:41
1.9k+

«Tagtlar oýny» romanyny 30 ýyllygy mynasybetli aždarha derisinden jiltläp, gaýta neşir ederler

Folio Society neşirýaty Jorj R. R. Martiniň «Tagtlar oýny» («Игра престолов») romanynyň kaşaň görnüşli kolleksiýa neşiriniň çykaryljagyny yglan etdi. Kitabyň çykmagy meşhur fentezi tapgyrynyň başlangyjy bolan......

02.06.2026 20:48
1.6k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......