“Gladiator 2” ABŞ-dan daşary prokatda Paramount üçin rekord $87 mln ýygnady

  • 18.11.2024 22:21
  • 5k+

Režissýor Ridli Skottuň “Gladiator 2” filmi halkara prokatda ilkinji dynç günleri 87 mln dollar ýygnady. Bu Paramount Pictures we režissýoryň özi üçin rekord başlangyçdyr diýip, Variety ýazýar.

Asyl filmiň dowamynyň premýerasy 63 halkara bazarynda boldy. Lenta Beýik Britaniýada 11,4 mln dollar, Fransiýada 10,3 mln dollar, Ispaniýada 5,6 mln dollar, Awstraliýada 5 mln dollar ýygnady. Ýene 7 mln dollary IMAX formatynda 453 seansda ýygnamak başartdy.
Şol bir wagtyň özünde iň uly bazarlar bolan Demirgazyk Amerikada we Hytaýda film 22-nji noýabrda görkeziler.
Filmiň býujeti 250 million dollardan geçýär. Analitikleriň maglumatlaryna görä, harajaty ödemek üçin ol azyndan 600 mln dollar ýygnamaly. Eger taslama üstünlikli bolsa, “Gladiator 2” filmi “Tapmaça 2” we “Dedpul we Rosomaha” bilen bilelikde ýylyň iň girdejili filmleriniň biri bolup biler.
Ridli Skottuň täze işi tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylandy, ýöne tankytçylaryň dürli-dürli seslenmelerine eýe boldy, olar sýužetiň 2000-nji ýylyň asyl filmi bilen meňzeşligini bellediler.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......