Lexus ES 2026 hödürlendi. Toyota Camry-niň premial wersiýasy öňküsindenem gelşikli boldy

  • 19.11.2024 00:36
  • 14k+

Guançžouda geçirilen awtoulag sergisinde myhmanlary möwsümiň esasy täze önümleri bilen tanyşdyrmagy dowam etdirýärler. Awtoulag sergisinde Lexus ES sedanynyň täzelenen görnüşi görkezildi. 2026-njy ýylyň modeli daşky bezeginde we enjamlarynda üýtgeşmeleri aldy diýip, Carscoops habar berýär.

Daşky täzelikleri:

  • Matrix LED faralar peýda boldy;
  • Radiatorynyň täzelenen gözenegi, Lexus RX -e meňzäp, kapoty tarapa inçelip gidýär;
  • Yzky çyralaryň yşykdan ýazgysy we olaryň arasyndan geçýän LED zolagy üýtgedildi.

Interýerinde, esasan, diňe Lexus RX-da bar bolan 14 dýuýmlyk ekranly täze media ulgamyna esasy üns berilýär.

Beýleki üýtgeşmeler:

  • Tizlik geçirijiniň täzeden işlenen saýlaýjysy;
  • Ses dolandyryş ulgamy kämilleşdirildi;
  • Içki bezeg we daşlyk üçin täze materiallar.

Tehniki aýratynlyklar üýtgewsiz galdy:
Lexus ES 200: 170 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijisi.
Lexus ES 300h: umumy güýji 215 at güýji bolan 2,5 litrlik hereketlendirijä we bir elektrik hereketlendirijisine esaslanýan gibrid gurnama.
Iki görnüşi hem wariator we öň tigri hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan.
Bu model Hytaýda sargyt üçin eýýäm elýeterli. ES 200 Premium Edition üçin bahalar 41,5 müň dollardan başlaýar we flagman ES 300h Executive Edition üçin 67,6 müň dollara ýetýär.
Ilkinji awtoulaglar eýýäm söwda dellallarynyň salonlaryna gowuşdy.


12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.2k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....