Martin Skorseze ýazyjy Merilinn Robinsonyň “Öý” romanyny ekranlaşdyrar

  • 18.11.2024 14:46
  • 4k+

Oskar baýragyna eýe bolan režissýor Martin Skorseze (“Taxi Driver”, “Goodfellas”) özüniň indiki taslamasynyň amerikaly ýazyjy Merilinn Robinsonyň “Öý” (Дом) romanynyň ekranlaşdyrylmasy boljakdygyny aýtdy. Bu barada ol Associated Press bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Kitabyň sýužeti Boutonlar maşgalasy barada gürrüň berýär. Gahrymanlar Aýowadaky maşgala öýünde jemlenişip, biri-biri bilen ýaraşmaga synanyşýarlar. Skorseze ssenariýany Todd Fild (“Tar”) we Kent Jons (“Diana”) bilen bilelikde işledi.
“Öý” filminiň surata düşürilişi 2025-nji ýylda başlap biler. Öň, Skorseze Frenk Sinatranyň biografik filmini we “Isanyň durmuşyny” surata düşürmekçidi, ýöne iki taslamany hem soňa goýmaly boldy.

“Wagt geçýär. Tiz wagtdan 82 ýaşymy doldurýaryn. Men öz-özüme sorag berýärin: ýene bir filmi surata düşürip bilerinmi? Wagt sarp etmek gerekmi? Şu gün, ýakynlarymdan başga, meniň üçin wagtdan gymmatly zat ýok” – diýip, Skorseze belledi.

Skorsezeniň soňky filmi “Gül Aýynyň ganhorlary” (Убийцы цветочной луны) 2023-nji ýylyň güýzünde çykdy we “Oskar” baýragy üçin 10 nominasiýa aldy. Režissýor Leonardo Di Kaprio bilen “Weýjer” taryhy trillerini hem goýmagy meýilleşdiripdi.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......