Resmi taýdan: HBO-nyň Harry Potter serialy 2027-nji ýyldan ir çykmaz

  • 18.11.2024 14:49
  • 3.8k+

2023-nji ýylyň ýazynda Warner Bros. Discovery mediaholdingi Garri Potter (Harry Potter) älemine esaslanýan serialyň üstünde işlenilýändigini resmi taýdan tassyklady. Bu täze aktýorlar we Joan Roulingiň kitaplarynyň wakalarynyň giňişleýin beýany bilen filmleriň doly gaýtadan düşürilmegi bolar.

Serialyň ýakyn wagtda çykmajakdygy şol wagt mälim edildi. Awtorlar ýaňy baş keşpler üçin kastinge başladylar. Bu rollara Beýik Britaniýadan we Irlandiýadan 9 – 11 ýaş aralygyndaky çagalar gözlenýär, olar 2025-nji ýylyň aprel aýynda surata düşürilip başlananda bu ýaşda bolmaly. 
Täze interwýuda HBO we Max-yň kontent boýunça ýolbaşçysy Keýsi Bloýs “Garri Potter” serialynyň 2027-nji ýyldan ir çykmajakdygyny aýtdy. 

Haçan-da biz taslama bilen meşgullanyp başlanymyzda, munuň, ähtimal, 2027-nji ýyl, 2027-nji ýylyň başy bolup biljekdigini çakladyk. Çen bilen şeýle, ýöne bu anyk möhlet däl, sebäbi biz indi ssenariýanyň we kastingiň üstünde işlemäge başlaýarys.

Şeýle-de, Bloýs awtorlaryň ilkinji möwsümleri mümkin boldugyndan çalt düşürmek isleýändiklerini, sebäbi ýaş aktýorlaryň çalt ulalýandygyny we olaryň daşky keşbindäki üýtgeşmeleriň ekranda aýdyň görünjekdigini aýtdy. 

Pikirleriň biri birinji we ikinji möwsümleri biri-birine ýakyn düşürmekden ybarat. Sebäbi çagalar üçin 11 ýaşdan 13 ýaşa böküş döwri gowy bildirýär. 13-15 ýaş aralygy bilen ýagdaý ýönekeý.

Belläp geçsek, ýakynda HBO serialynyň Hogwarts Legacy 2 oýny bilen baglanyşykly boljakdygy belli boldy. Bu oýun eýýäm işlenip düzülýär we Harry Potter serialynyň birinji möwsümi bilen bir wagtda çykar.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......