Sinner bir setde-de utulman, ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň ýeňijisi boldy: $4,8 mln gazandy

  • 18.11.2024 14:25
  • 4.1k+

Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ATP-niň Jemleýji ýaryşy – 2024-üň ýeňijisi boldy. Ol finalda dünýäniň bäşinji raketkasy amerikaly Teýlor Frisi iki setde utdy. Duşuşyk 1 sagat 24 minut dowam edip, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy.

Sinner bir setde-de utulman, ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň ýeňijisi bolan ilkinji tennisçi boldy. Şeýle üstünlige ýetmek Iwan Lendliň döwründen (1986-njy ýyl) bäri hiç kime başartmandy. Ýaryşyň dowamynda Sinner Aleks de Minordan, Daniil Medwedewden we Kasper Ruuddan üstün çykyp, olara ýeňiş gazanmaga mümkinçilik goýmady.
Italiýaly bu ýaryş üçin baýrak hökmünde $4 881 500 gazandy. Bu hem erkekleriň arasynda (2022-nji ýyldaky Jemleýji ýaryşda Nowak Jokowiç $4 740 300 gazandy), hem zenanlaryň arasynda (2024-nji ýyldaky Jemleýji ýaryşda Kori Gauff $4 805 000 gazandy) absolýut rekorddyr.
ATP-niň Jemleýji ýaryşy – 2024-däki kubok Sinner üçin möwsümde sekizinji boldy. Ol 2024-nji ýylda Australian Open, US Open, şeýle-de Sinsinnatide, Rotterdamda, Maýamide, Gallede we Şanhaýda geçirilen ýaryşlarda ýeňiji boldy.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......