Ilon Mask Starship raketasyny şäherara gatnawlar üçin ulanmak isleýär

  • 18.11.2024 12:15
  • 7.3k+

Ilon Mask ýolagçy gatnawlaryny özleşdirmek we bir sagatdan az wagtyň içinde adamlary dünýäniň islendik nokadyna eltmek isleýändigini aýtdy. Bu barada Daily Mail habar berýär.

“Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy özüniň dünýäde iň kuwwatly Starship raketasynyň kömegi bilen yklymlaryň arasyndaky gatnaw usulyny üýtgedip biler. Bir şäherden ugramak bilen, raketa kosmosa uçar, soňra bir sagatdan hem az wagtyň içinde başga bir yklymdaky şäherde gonar, bu ýokary 27 000 km/sag tizliginiň netijesinde mümkin bolar” – diýip, neşir ýazýar.

SpaceX-iň wekilleriniň aýtmagyna görä, raketa bir gezekde 1 000 ýolagçyny äkidip biler. Ýöne şeýle tizlikli ulag serişdesi üçin petegiň bahasy müňlerçe dollar bolar. Şeýle-de, Londondan Nýu-Ýorka 29 minutda, Nýu-Ýorkdan Pariže 30 minutda, Nýu-Ýorkdan Şanhaýa (Hytaý) 39 minutda, Sýurihden (Şweýsariýa) Sidneýe (Awstraliýa) 50 minutda uçup baryp bolar.


23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

15.04.2026 16:56
1.4k+

SpaceX kompaniýasy xAI sebäpli ýyly $18,5 mlrd girdeji we $5 mlrd ýitgi bilen tamamlady

SpaceX kompaniýasy geçen ýyly 18,5 milliard dollar girdeji we 5 milliard dollar töweregi zyýan bilen tamamlady. Bu barada «The Information» neşirine salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

02.04.2026 11:08
4.6k+

Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýrançylyga uçrady

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýran boldy we kosmos galyndysyna öwrüldi. Bu soňky üç aýyň dowamynda şeýle wakanyň ikinjisidir....