"Leonidler" ýyldyz süýnmesi: astronomlar asmanda sagatda 15 ýyldyz süýnmäniň peýda bolmagyna garaşýarlar

  • 17.11.2024 23:24
  • 5.1k+

6-njy noýabrdan 30-njy noýabr aralygynda hereketde bolýan “Leonidler” meteor akymy iň ýokary işjeňligine 18-nji noýabrda, ýagny duşenbe gijesinde ýeter. Bu barada Moskwa Planetariumynyň metbugat gullugy habar berýär. 

Şol mahal sagatda 15 meteora syn etmek mümkin bolar. Meteor - gadymy grek sözi bolup, “howada ýüzýän” manyny berýär. Ol meteoroid jisimleriniň (mysal üçin, kometalaryň, asteroidleriň ýa-da galyndylaryň) Ýeriň atmosferasynda ýananda ýüze çykýan hadysadyr. Türkmenler adaty gepleşikde oňa ýyldyz süýnme hadysasy diýýär.

“17-18-nji noýabr aralygynda "Leonidler" meteor akymy iň ýokary derejesine ýeter. Zenitden (belli bir ýeriň üstünden göni “ýokary” görkezýän ugurdan) sagatda takmynan 15 meteora garaşylýar. <…> "Leonidleriň" ýyldyrymy gündogar gözýetimiň ýokarsynda irden (ýary gijeden soň we gün dogmazdan ozal) Leo ýyldyzlar topary ýokary göterilende has gowy görünýär" diýip, planetariumyň wekilleri belleýärler.

Şol gije 98% şugla saçjak Aý meteor görmegi kynlaşdyrar diýlip garaşylýar.
"Leonidler" her 33 ýylda Güne ýakyn geçýän 55P/Tempel-Tuttle kometasynyň galyndylary tarapyndan öndürilen ak alawlardyr. Akymyň intensiwligi üýtgeýär: her 33 ýylda bir gezek seýrek hadysa ýüze çykýar. Muňa başgaça “ýyldyz ýagşy” hem diýilýär. Ondan öň şeýle wakalar 1833, 1866, 1966, 1999 we 2001-nji ýyllarda hasaba alnypdy. 1966-njy ýylda meteorlaryň sany sagatda 10 müňe ýetipdir diýip, TASS ýazýar.

“Şeýle tupan diňe 2099-njy ýylda bolup biler. Astronomlaryň pikiriçe, şu wagta çenli Ýer kometa tozanlarynyň dykyz bulutlaryna duş gelmez. 2030-njy ýyla çenli işjeňligiň iň ýokary derejesi sagatda 15-20 meteor derejesinde boljakdygy çak edilýär" diýip, Moskwa Planetariumy belleýär.


18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...