“Ýuwentus” Pol Pogba bilen şertnamany resmi taýdan ýatyrdy

  • 17.11.2024 18:11
  • 6.2k+

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby fransiýaly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabryndan soň taraplaryň arasyndaky şertnama güýjüni ýitirer.

“Klub Pola professional gelejeginde ähli gowulyklary arzuw etmek isleýär” – diýlip, klubuň saýtyndaky resmi beýanda aýdylýar.

Öň, Lozannadaky Sport arbitraž kazyýeti (CAS) Pogbanyň 2025-nji ýylyň ýanwaryndan ir türgenleşige başlap bilmejekdigini kesgitledi. Ol oýnamaga bolsa şol ýylyň martyndan başlap biler.
“Ýuwentus” üçin soňky oýnuny Pogba 2023-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda geçirdi. Şondan soň ol doping ulanandygy üçin diskwalifikasiýa edildi. 


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....