Bugatti Mistral üsti açyk awtoulaglar üçin tizlik rekordyny goýdy

  • 17.11.2024 17:40
  • 5k+

Bugatti Mistral rodsteri üsti açyk awtoulaglar üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Papenburg türgenleşik meýdançasynda geçirilen synag wagtynda Bugatti-niň synagçy sürüjisi Endi Uollas sagatda 453,91 km tizlige ýetdi.

Bu görkeziji 2016-njy ýylda Hennessey Venom GT Spyder tarapyndan kesgitlenen öňki 427,44 km / sag rekorddan ýokarydy.
Synagçy sürüji şeýle ýokary tizlikde süreninde awtoulagyň ajaýyp durnuklylyk görkezendigini belläp geçdi.

“Synag programmasynyň tutuş dowamynda bu awtoulagyň şeýle bir ýokary derejede durnuklydygy duýuldy. Ulagyň özi has çalt gitmek isleýän ýalydy" – diýip, Uollas gürrüň berdi.

Bugatti Mistral – bu dört turbina bilen enjamlaşdyrylan we 1600 at güýjüni öndürýän 8 litrlik W16 hereketlendirijili brendiň iň soňky ýol modeli.
Bu soňky 13 ýylda fransuz öndürijisiniň ilkinji rodsteridir. Mistral-yň diňe 99 nusgasy öndüriler, bularyň hemmesi eýýäm bir awtoulag üçin 5 million ýewro bahadan satyldy.
Dünýädäki iň ýyndam ýol awtoulagynyň Bugatti Chiron Super Sport 300+ hasaplanýandygyny belläliň, 2019-njy ýylda onda şol bir Uollas sagatda 490,484 km tizlige ýetdi.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...