Türkiýäniň bir obasynda içinde gadymy kümüş şaýy pullary bolan küýze tapyldy

  • 17.11.2024 17:52
  • 6.9k+

Türkiýäniň günortasyndaky Tarsus obasynyň ýaşaýjylary içi kümüş şaýy pullaryndan doldurylan gadymy keramiki küýze tapdylar. Bu tapyndy merhumy jaýlamak üçin mazar gazylanda tapyldy diýip, Daily Express ýazýar.

Açyşyň wajyplygyna düşünen ýaşaýjylar ýerli polisiýa ýüz tutdular. Polisiýa işgärleri muzeý işgärlerini çagyrdylar. Muzeýiň hünärmenleri küýzeden 1100 teňňe çykardylar, deslapky çaklamalara görä, olaryň köpüsi gadymy döwürlere degişlidir.
Indi hünärmenler tapylan ýadygärlikleri jikme-jik öwrenmegi meýilleşdirýärler. Olaryň teňňeleriň ýaşyny, gelip çykyşyny kesgitlemek, şeýle hem sebitiň şol döwürdäki durmuşy we söwda gatnaşyklary baradaky maglumatlary berip biljek nyşanlary ýa-da şekilleri ýüze çykarmak niýetleri bar.


26.05.2026 12:36
3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......

03.05.2026 16:13
7.9k+

Türkiýede uçarmanlary taýýarlamagyň 4 ýyllyk okuwyna dalaşgärleri kabul edişlik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan......