Britaniýanyň muzeýi 1 milliard funt sterlinglik hytaý keramikasyny peşgeş alar

  • 17.11.2024 09:11
  • 5.2k+

Britaniýanyň muzeýine bahasy 1 milliard funt sterlinge barabar bolan hytaý keramikasy peşgeş berler. Bu karar Ser Persiwal Dewid gaznasynyň ýolbaşçylary tarapyndan yglan edildi. Bu Beýik Britaniýanyň muzeýlerine öňde-soňda gelip gowşan iň uly sowgat bolar diýip, BBC habar berýär.

1700 keramiki predmetden ybarat toplum 15 ýyllyk karz alnandan soň, resmi taýdan London muzeýine geçiriler - eksponatlar 2009-njy ýyldan bäri ýörite enjamlaşdyrylan 95-nji otagda ýerleşýär.
Keramika önümleri Ser Persiwal Dewid tarapyndan toplanan hytaý sungatynyň ajaýyp nusgalaryny öz içine alýar. Muzeýiň müdiri doktor Nikolas Kullinan toplumy, ylmy we medeni ähmiýetine ünsi çekip, “deňsiz-taýsyz şahsy kolleksiýa” diýip atlandyrdy.

Ol: "Bu meşhur zatlar kolleksiýamyza aýratyn bir goşant goşýar we dünýädäki alymlara, barlagçylara we myhmanlara bilelikde hytaý senetçiliginiň iň gowy nusgalaryny öwrenmek we lezzet almak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär" – diýip belledi.

Britaniýaly telekeçi Ser Persiwal Dewid 1892-nji ýylda Bombeýde baý maşgalada dünýä indi we soňra Londona göçüp, Hytaý sungatynyň predmetlerini ýygnap başlady. Onuň ýygyndysynda Ýewropadan, Ýaponiýadan, Gonkongdan we Hytaýdan alnan eserler bar.
Gaznanyň howandarlary Dewidiň kolleksiýasyny halka elýeterli etmek isleýändiklerini bellediler.

"Ol şahsy kolleksiýasynyň adamlara bilim we ylham bermek üçin ulanylmagyny isledi" – diýip, gaznanyň işgärleri bellediler.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......