Režissýor Todd Heýns 75-nji Berlin film festiwalynyň emin agzalaryna ýolbaşçylyk eder

  • 16.11.2024 20:33
  • 1.5k+

Amerikaly režissýor we ssenariýaçy Todd Heýns 2025-nji ýylda geçiriljek 75-nji Berlin film festiwalynyň halkara eminler toparyna ýolbaşçylyk eder. Bu barada Deadline neşiri habar berdi.

Heýns garaşsyz we arthaus kinosyndaky işleri bilen tanalýar. Berlinale-niň direktory Trişa Tattl Heýnsiň dünýäniň esasy film festiwallarynyň biriniň işine  gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp geçdi. Ol kino işgärini "ajaýyp zehinli ssenariýaçy we režissýor" hökmünde häsiýetlendirdi.

Tattl: “Onuň işi stil taýdan dürli-dürli we şol bir wagtyň özünde-de ýalňyşsyz hut onuň özüniň özüne degişli. Ilkinji çykan “Zäher” (“Яд”) filmi 1991-nji ýylda “Teddi” baýragyny alany bäri, Berlinale onuň döredijiligini yzarlaýar we gowy görýär, onuň 75-nji goýberilişde Halkara emin agzalarynyň başlygy hökmünde bu festiwala goşulandygyna begenýäris " - diýdi.

Todd Heýnsiň filmografiýasynda “Gaçybatalga” (“Убежище”), “Mahmal altyn damar” (Бархатная золотая жила) filmleri, Wenesiýa film festiwalynda eminleriň baş baýragyny alan, Bob Dilan hakyndaky “Ol ýerde men ýok” (“Меня там нет”) ýaly terjimehal dramasy, “Mildred Pirs” mini-serialy, şeýle hem "Kerol","Garaňky suwlar" we "Mahmal ýerzemin" (“The Velvet Underground”) filmleri bar.
Heýnsiň soňky eseri “Maý dekabr” dramasy 2023-nji ýylda çykdy. Filmde Natali Portman bilen Julianna Mur çykyş etdi. Ilkinji görkezilişi Kan film festiwalynda bolup geçdi, şondan soň film “Iň oňat ssenariý” kategoriýasynda “Oskar” baýragyna  dalaşgär görkezildi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......