BMW awtoulaglarynyň dizaýnyna gaýtadan sereder. Neue Klasse düşünje bilen täze döwür geldi

  • 16.11.2024 20:38
  • 14k+

BMW awtoulaglarynyň dizaýnyna çemeleşmekde uly üýtgeşmeleri taýýarlaýar. Konsern dizaýn bölüminiň täze gurluşynyň döredilendigini habar berdi. Täze çemeleşme geçen ýyl hödürlenen Vision Neue Klasse düşünjesine laýyklykda nepislige we ýönekeýlige ünsi jemleýän modelleri döretmegi maksat edinýär diýip, 32Cars portaly habar berýär.

2025-nji we 2026-njy ýyllarda bazara çykjak Neue Klasse görnüşli wnedorožnik we sedan täzelenen görnüşde ýerine ýetirilen ilkinji modeller bolar.
BMW-niň täze dizaýn düşünjesi kompaniýanyň häzirki zaman tehnologiýasy bilen adaty stil elementleriniň arasyndaky deňagramlylyga ygrarlydygyny görkezýär. Awtoulaglaryň daşky görnüşi, täzelenen radiator panelini goşmak bilen, minimalizmi bilen häsiýetlendiriler. Interýeri ýönekeýligi we funksionallygy bilen häsiýetlener. Bu üýtgeşmeler estetikany we ulanyjy üçin amatlylygy  ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Tehnologiki nukdaýnazardan seredeniňde, Neue Klasse platformasy 800 woltlyk ulgam we ýokary kuwwatly batareýalar bilen üpjün ediler, bu bolsa öndürijiligi ýokarlandyrar we zarýad bermegi çaltlaşdyrar.
Geljekde awtoulaglaryň reňkini üýtgediji tehnologiýany ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......