Eminem bilen Adam Sendler “Bagtyýar Gilmor” filminiň dowamyna gatnaşarlar

  • 16.11.2024 07:32
  • 2.4k+

Repçi Eminem baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmegindäki “Bagtyýar Gilmor” (Счастливчик Гилмор) filminiň ikinji bölüminiň surata düşürilişine gatnaşar. Taslamanyň önümçiligi bilen Netflix meşgullanar diýip, The Sun neşiri habar berýär.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Eminem asyl filmiň köpden bäri muşdagy. Onuň gatnaşmagyndaky sahnalar 6-njy noýabrda Nýu-Jerside surata düşürildi. Filmde repçi Kid Cudi hem peýda bolar.
Eger Eminemiň gatnaşmagyndaky sahnalar ahyrky montaža goşulsa, bu onuň Sendler bilen filme ikinji gezek gatnaşmagy bolar. Mundan öň olar 2009-njy ýylda çykan režissýor Jad Apatouwyň “Wäşiler” (Приколисты) filminde bile peýda boldular.
Dennis Dugan tarapyndan düşürilen asyl “Bagtyýar Gilmor” komediýasy 1996-njy ýylda çykdy. Garaşylmadyk üstünlige ýeten golfçy baradaky film 10 mln dollar býujet bilen 41 mln dollar gazandy.


düýn 22:20
1.6k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
4.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.4k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....