FIFA Klublaýyn dünýä çempionatynyň täze kubogyny görkezdi

  • 16.11.2024 07:21
  • 4.1k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) täzelenen Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisine beriljek kubogy görkezdi. Tanyşdyrylyş dabarasy guramanyň resmi saýtynda geçdi.

Baýrak Tiffany & Co zergärlik brendi bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Kubok 24 karat altyn bilen örtülen birnäçe diskden ybarat. Kubogyň merkezini gurşap alýan diskler köptaraply orbital gurluşy emele getirýär. Merkezi bölek futbol däplerini görkezýän nyşanlar bilen bezelen.
Baýrakda lazer bilen dünýä kartasy hem-de FIFA-nyň 221 agza assosiasiýasynyň we alty konfederasiýanyň atlary ýazylan. Kubok Braýl şrifti we 13 dilde haşamlama bilen bezelendir.
Dizaýn dürli çeşmelerden, şol sanda “Woýajer” enjamlarynda kosmosa iberilen altyn plastinkalardan, himiki elementleriň periodik tablisasyndan, syýahatçylaryň kartasyndan we astronomik maglumatlardan ruhlanýar. Kubokda FIFA-nyň 1904-nji ýylda döredilen we 2025-nji ýylda ýaryşyň açylyş döwründe planetalaryň çen bilen ýerleşişini görkezýän asman nyşanlary şekillendirilipdir.
Ýüzünde şeýle ýazgy bar:

“Bu kubogy saklaýanlar üçin: taryh size degişlidir. Siz az sanlylara berlen, ýöne köpler tarapyndan dabaralandyrylýan klub futbolynyň çür depesini görkezýän wagt pursatynyň şaýatlarysyňyz”.

Ýaryş 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 32 toparyň gatnaşmagynda geçiriler. Açylyş oýny Fort-Loderdeýlde bolar.
Eýýäm 32 toparyň KDÇ-2025 üçin saýlama ýaryşyndan geçen 31-isi belli:

  • ·UEFA (12): Çelsi (Angliýa), Real (Ispaniýa), Mançester Siti (Angliýa), Bawariýa (Germaniýa), PSŽ (Fransiýa), Inter (Italiýa), Portu (Portugaliýa), Benfika (Portugaliýa), Borussiýa D (Germaniýa), Ýuwentus (Italiýa), Atletiko Madrid (Ispaniýa), Red Bull Zalsburg (Awstriýa)
  • ·KONMEBOL (6): Palmeýras (Braziliýa), Flamengo (Braziliýa), Fluminense (Braziliýa), Riwer Pleýt (Argentina), Boka Huniors (Argentina), Libertadores Kubogy 2024-üň ýeňijisi
  • ·KONKAKAF (4): Monterreý (Meksika), Sietl Saunders (ABŞ), Leon (Meksika), Paçuka (Meksika)
  • ·AFK (4): Al-Hilýal (Saud Arabystany), Urawa Red Daýmonds (Ýaponiýa), Al-Aýn (BAE), Ulsan Hýundaý (Günorta Koreýa)
  • ·KAF (4): Al-Ahli (Müsür), Widad Kasablanka (Marokko), Esperans (Tunis), Mamelodi Sandauns (GAR)
  • ·OFK (1): Oklend Siti (Täze Zelandiýa)
  • ·Ýer eýesi klub (1): Inter Maýami (ABŞ)

Ýaryşyň iň soňky 32-nji gatnaşyjysy Libertadores Kubogy 2024-üň ýeňijisi bolar (finalda Braziliýanyň “Atletiko Mineýro” we “Botafogo” klublary oýnar).


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......