31-nji dekabra çenli Microsoft birnäçe köne programmalary goldamagyny bes eder

  • 15.11.2024 15:39
  • 2.6k+

Microsoft kompaniýasy 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryndan “Poçta Windows”, “Senenama” (Kalendar) we “Adamlar” programmalarynyň goldawyny bes etjekdigini habar berdi. Bu programmalary henizem ulanmak bolar, ýöne olaryň işleýşi çäklendiriler diýip, 3Dnews portaly habar berýär.

Şeýlelikde, “Poçta Windowsda” elektron hatlary ugratmak we kabul etmek, “Kalendarda” bolsa duşuşyklary meýilleşdirmek mümkin bolmaz.
Şeýle-de, Windows üçin klassyky Outlook programmasynyň goldawy bes ediler. Kompaniýa eýýäm düýbünden täze wersiýany çykardy, ýöne oňa geçmek diňe ulanyjynyň razylygy bilen amala aşyrylýar. Klassyky Outlook ulanylanda ulanyjylar interfeýsiň ýokarky sag burçunda “Täze Outlook-y barlap görmek” geçirijisini görerler. Ulanyjy üýtgetmese, täze Outlook öçük durýar. Täze wersiýa doly geçilenden soň, ulanyjylar klassyky wersiýa dolanyp bilmezler.
Microsoft ulanyjylara öz maglumatlaryny täze Outlook programmasyna eksport etmegi maslahat berýär. Munuň üçin maglumatlary, şol sanda “Poçta Windowsdan” we “Adamlardan” elektron hatlary we kontaktlary eksport etmegiň awtomatik hem-de el usullary göz öňünde tutulandyr. Kompaniýa geçmek üçin ädimleýin görkezmeleri-de hödürleýär.
Täze Outlook programmasy öňki wersiýalar bilen deňeşdirilende has howpsuz we funksional bolmagy wada berýär. Täze wersiýany “Windows üçin Outlook” ady bilen Microsoft Store dükanyndan tapmak bolýar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...