Disney 2025-nji ýylyň relizlerini anons etdi: “Keseki: Ýer”, “Hyzmatkäriň gürrüňi”, “Aýy”

  • 15.11.2024 19:58
  • 3.1k+

Disney kompaniýasy 2025-nji ýylda Disney+ we Hulu akym platformalarynda çykjak geljekki taslamalardan kadrlar bilen mahabat wideosyny hödürledi. Bu barada Afişa Daily habar berýär.

Garaşylýan premýeralaryň arasynda meşhur “Aýy” (Медведь) serialynyň dördünji möwsümi, şeýle-de “Andor” (Андор) we “Daýanç topary” (Опорная команда) ýaly “Ýyldyz söweşleri” älemine esaslanýan täze seriallar bar.
Meýilnamada Noa Houli (“Fargo”, “Legion”) tarapyndan işlenip taýýarlanan “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля) serialy hem bar. Sentýabr aýynda hödürlenen ilkinji tizer Ýerde gämisi heläkçilige uçranyndan soň ksenomorfa duşýan ýaş gyz we esgerler topary baradaky wakany görkezdi.
Marvel Studios iki serialy anons etdi: “Gözsüz batyr” (Сорвиголова) we “Demir ýürek” (Железное сердце). Bu taslamalaryň Marvel kinoälemini giňeltmegine we täze sýužetler hem personažlar bilen onuň üstüni ýetirmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, tomaşaçylara “Hyzmatkäriň gürrüňi” (Рассказ служанки) serialynyň dowamy, “Çad Pauers” sport şouwy, Sterling K.Braunyň gatnaşmagynda “Paradise” serialy we “Goosebumps: The Vanishing” horrory garaşýar.


şu gün 20:14
1.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......