Denzel Waşington Marvel-iň täze filminde soňky rollarynyň birini ýerine ýetirer

  • 15.11.2024 12:43
  • 5.9k+

“Oskar” baýragynyň eýesi Denzel Waşington “Gara Babyr” (Чёрная Пантера) kinokomiksiniň üçünji filmine gatnaşýandygyny tassyklady. Aktýor Today Show Australia bilen söhbetdeşlikde häzirki wagtda režissýor Raýan Kugleriň ssenariýanyň üstünde işleýändigini we özi üçin ýörite rol ýazýandygyny gürrüň berdi.

28-nji dekabrda 70 ýaşyny doldurjak aktýor bu taslamanyň kinokarýerasynda soňky rollarynyň biri boljakdygyny, sebäbi pensiýa çykmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Waşington häzirlikçe öz personažy ýa-da filmiň sýužeti barada giňişleýin maglumat bermeýär. Marvel studiýasy hem trikweliň çykaryljakdygy barada resmi bildiriş aýtmady.
“Gara Babyr” filmi 2018-nji ýylda çykdy we ýylyň iň girdejili taslamalarynyň biri boldy. Çedwik Bouzmanyň gatnaşmagyndaky film dünýä boýunça 1,35 mlrd dollar ýygnady we üç “Oskar” baýragyny aldy. “Wakanda baky” (Ваканда навеки) goşmaça sözbaşyly ikinji bölüm Bouzmanyň ölüminden soň 2022-nji ýylda çykaryldy. Aktýor 2020-nji ýylda rak keseli sebäpli aradan çykdy.
Ýakyn wagtda Denzel Waşington noýabr aýynda çykmagy meýilleşdirilen “Gladiator 2” filminde ekranlarda peýda bolar. Şeýle-de, ol ýakynda Spaýk Liniň “Jennet we dowzah” (Рай и ад) filminiň surata düşürilişini tamamlady.


şu gün 20:14
458

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
1.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......