“Oskar” baýragynyň eýesi Mark Raýlens “Garri Potter” serialyndaky Dambldoryň keşbine dalaş edýär

  • 14.11.2024 23:54
  • 5.6k+

Britaniýaly aktýory Mark Raýlens “Garri Potteriň” älemine esaslanýan HBO serialynda Albus Dambldoryň keşbini ýerine ýetirip biler. Variety -niň habar bermegine görä, Raýlens bu keşp üçin esasy dalaşgär hasaplanýar.

Resmi gepleşikler entek başlamady, ýöne Warner Bros. Television aktýoryň  taslama elýeterliligini we gyzyklanmasyny kesgitlemek üçin eýýäm aktýor bilen habarlaşdy.
Mark Raýlens Stiwen Spilbergiň režissýorlyk eden “Içaly köprüsi” (“Шпионский мост”) filmindäki keşbi üçin “Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi” kategoriýasynda “Oskar” baýragyna eýe bolup, uly meşhurlyk gazandy. Raýlens “Dýunkerk”, “Kostýum”, “Uly we akýürek äpet”, “Wagşylara garaşmak” filmlerindäki we “Möjek zaly” mini-seriallaryndaky keşpleri bilen hem tanalýar.
Geljekki serialda Garriniň, Germionanyň we Ronyň keşplerini täze aktýorlaryň ýerine ýetirjekdigi öňdenem mälimdi. Sentýabr aýynda HBO 9-11 ýaş aralygyndaky çagalara keşpde oýnamak üçin açyk kasting çagyryşyny yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde, neşiriň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery uly ýaşly gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirmeklige meşhur iňlis aktýorlaryny çekmek isleýär.
Joan Roulingiň kitaplaryna esaslanan serial 2026-njy ýyldan öň çykmaz diýip  garaşylýar.
Garri Potter hakyndaky filmlerde “Hogwarts” gözbagçylyk we jadygöýlük mekdebiniň müdiri Dambldoryň keşbini ilkinji gezek Riçard Harris oýnady. Aktýor diňe ilkinji iki filmde surata düşmäge ýetişdi we  72 ýaşynda aradan çykdy. Serialyň soňraky bölümlerinde onuň ýerine Maýkl Gembon geldi. Ol geçen ýyl aradan çykdy.
Ozal Warner Bros. “Garri Potteriň” yzygiderli ekranlaşdyrmalarynyň awtorlarynyň Joan Roulingiň kitaplaryny has çuňňur öwrenmegi maksat edýändiklerini habar berdi. Taslamanyň şouranneri “Mirasdüşerler” we “Garaňky materiallar” seriallarynyň üstünde işlän Françeska Gardiner bolar.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......