Wýetnamly gözel “Miss International 2024” bäsleşiginde ýeňiji boldy

  • 14.11.2024 13:12
  • 16k+

Wýetnamyň taryhynda ilkinji gezek “Miss International” titulyna bu ýurduň 22 ýaşly wekili Than Tuý eýe boldy.

12-nji noýabrda Tokioda geçirilen bäsleşigiň finalynda Than Tuý dürli ýurtlardan 70 gatnaşyjydan üstün çykyp, baş täji gazandy. Ol tituly Wenesueladan geçen ýylky ýeňiji Andrea Rubiodan miras aldy. Şeýle-de, ahyrky bäşlige Boliwiýadan, Ispaniýadan, Wenesueladan we Indoneziýadan gözeller gatnaşdy.

“Men Miss International bäsleşiginde Wýetnamyň ilkinji wekili we indi bolsa Wýetnamdan ilkinji Miss International. Bu meniň dünýä boýunça auditoriýamyň we muşdaklarymyň söýgüsine we goldawyna mynasypdygymy görkezýär” – diýip, Than Tuý çykyşynda aýtdy.

Than Tuý 2002-nji ýylyň 1-nji iýulynda Danangda doguldy. Ol Daşary ýurt dillerini öwreniş uniwersitetinde filolog bilimini alýar we munuň bilen ugurdaş Londonyň Grinwiç uniwersitetinde okaýar. 2022-nji ýylyň dekabrynda ol “Wýetnam gözeli” titulyny aldy we Fast Track Beauty with Purpose we Multimedia ýaly birnäçe kategoriýada finalçy boldy, şeýle-de sport bäsleşiginde ýeňiş gazandy.


düýn 13:07
3.3k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....