Ilon Mask ABŞ-nyň Hökümet netijeliliginiň departamentiniň ýolbaşçysy wezipesini eýelär

  • 14.11.2024 23:47
  • 13k+

Täze saýlanan Prezident Donald Tramp milliarder Ilon Maskyň we telekeçi Wiwek Ramaswaminiň Hökümet netijeliliginiň departamentiniň ýolbaşçylary bellenilýändigini habar berdi. Bu edara federal çykdajylary düzgünleşdirmek we hökümetiň gurluş özgertmeleri bilen meşgullanar. Degişli metbugat relizini Ilon Mask X sosial ulgamyndaky akkauntynda ýerleşdirdi.

“Bu iki beýik amerikaly bilelikde meniň administrasiýama hökümet býurokratiýasyny ýok etmäge, artykmaç kada aktlaryny, çykdajylary azaltmaga we federal agentliklerini üýtgedip gurmaga tarap ýol açar” – diýlip, Trampyň beýanynda aýdylýar.
“Bu ädim tutuş ulgamy sarsdyrar we döwlet serişdelerini harçlamaga gatnaşyjylaryň ählisine täsir eder, şeýle adamlar bolsa örän köp!” – diýip, Mask özüniň wezipä bellenilmegine teswir berdi.

Täze agentlige “Hökümet netijeliliginiň departamenti” (Department of Government Efficiency) adyny Trampyň özi berdi. Gysgaldylan wariant DOGE maskoty it bolan adybir kriptowalýuta salgylanmadyr. ABŞ-da Prezident saýlawlaryndan soňky bir hepdede bu kriptowalýuta 100%-den gowrak ýokarlandy.

“Biz her ýyl döwlet býujetine 6,5 trln dollar möçberde zyýan ýetiren köpçülikleýin harçlamalary we kezzaplygy ýok ederis. Kiçi, has netijeli we az býurokratlaşdyrylan döwlet Amerika üçin garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 250 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar” – diýlip, beýanyň tekstinde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy üçin federal hökümetdäki wezipe barada Tramp heniz saýlawdan öňki kampaniýasynda agzap geçipdi.
Telekeçi Wiwek Ramaswami Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaşgär boldy. Birwagtlar ol Trampyň administrasiýasynda wise-prezident wezipesi üçin göz öňünde tutuldy.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......