Aydym.com portaly “Türkmentel – 2024” halkara sergisine gatnaşýar

  • 14.11.2024 12:44
  • 4.2k+

Ýurdumyzyň meşhur aýdym-saz portaly Aýdym.com 14 – 16-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmentel – 2024” atly XVII halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşar. Dünýä belli kompaniýalaryň, halkara guramalaryň wekillerini ýygnajak bu çärede portal özüniň ulanyjylar üçin hödürleýän giň mümkinçilikleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar.

Aýdym.com ulanyjylara ýurdumyzyň meşhur bagşy-sazandalarynyň aýdymdyr sazlaryny ilkinjileriň hatarynda diňlemäge mümkinçilik berýär. Beýleki aýdym-saz platformalaryndan tapawutlylykda, ykjam goşundyda diňe bir türkmen we daşary ýurt aýdymçylarynyň dürli žanrlardaky aýdymlary däl-de, eýsem şekilli aýdymlar, wideolar, audio kitaplar, çagalar üçin täsirli multfilmler, podkastlar we beýlekiler hödürlenýär. Bu bolsa dürli ýaşdaky we tapawutly gyzyklanmalary bolan islendik ulanyjyny özüne çekýär.

Täze dizaýn, täze mazmun, täze aýdymlar we täze funksiýalar
Ýakynda geçirilen rebrendingden soň, Aýdym.com täze ýiti reňkli dizaýn bilen birlikde täze funksiýalaryň we ulanyjylar üçin mümkinçilikleriň giň toplumyna eýe boldy. Platformada aýdym tapmak kämilleşdirilen gözleg funksiýasynyň kömegi bilen has aňsatlaşdy. Şeýle-de, ulanyjylar indi öz söýgüli aýdymçylaryny “yzarlap”, şahsy lenta arkaly aýdymçy bilen baglanyşykly täzeliklerden tiz habarly bolup biler. Üýtgeşmeleriň arasynda soňky diňlenen aýdymlaryň indi platformanyň baş sahypada görkezilmegi-de bar.
Häzirki wagtda portalyň 1 milliondan gowrak ulanyjysy bar. Işjeň ulanyjylaryň sany aýda 800 müňden geçýär.

Aýdym.com platformasynda öz aýdymlaryňy nähili ýerleşdirmeli
Aýdym.com täze aýdymçylaryň özüni halka tanatmagy, belli aýdymçylaryň bolsa öz döredijiligini internet giňişliginde has hem ýaýratmagy üçin mümkinçilikdir. Platforma aýdym ýerleşdirmäge isleg bildirýänler öz aýdymlaryny Moderteam@aydym.com poçta salgysy arkaly hödürläp bilerler.

Premium kartlary barada
“Türkmentel – 2024” sergisiniň dowamynda Aýdym.com muşdaklaryna portal tarapyndan premium kartlary sowgat berler. Bu kartyň kömegi bilen ulanyjylar ykjam goşundyda premium hasaby açyp, çäksiz mukdarda aýdym ýükläp, internetsiz diňläp hem şekilli aýdymlara tomaşa edip biler. Ýöne premium kartlaryň sany çäkli, şonuň üçin bu pursatdan peýdalanmaga howlugyň.
Sergide Aýdym.com-y TmCars-yň pawilýonynda tapyp bilersiňiz.

Ýükläp almak üçin
Aýdym.com ykjam goşundysyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bilersiňiz. Platformanyň TW wersiýasy hem elýeterlidir.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......