“Missiýa ýerine ýetirerlik däl” franşizasynyň ahyrky bölüminiň ilkinji tizer-treýleri  peýda boldy

  • 13.11.2024 20:50
  • 7.4k+

Paramount Pictures “Missiýa ýerine ýetirerlik däl 8: Soňky haklaşyk” (“Миссия невыполнима 8: Последняя расплата”) filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Variety-niň habar bermegine görä, bu film Tom Kruzyň baş keşbi janlandyrmagynda meşhur franşizanyň soňky bölümi bolar.

Filmi halkara prokatyna 2025-nji ýylyň 23-nji maýynda çykarmak meýilleşdirilýär. Deslapky meýilleşdirilişine görä, film 2022-nji ýylda prokata çykmalydy, ýöne franşizanyň ýedinji böleginde bolşy ýaly, COVID-19 pandemiýasy hem-de ABŞ-da aktýorlaryň we ssenariýaçylaryň iş taşlaýyşlary sebäpli bu yza süýşürildi. Paramount we Skydance studiýalary öň “Missiýa ýerine ýetirerlik däl: Ölümli haklaşyk. 2-nji bölüm” diýlip atlandyrylan filmiň kiçi adyny hem üýtgetmek kararyna geldiler.
Sekizinji bölümiň sýužeti baş gahryman Itan Hantyň “Düýp esas” atly emeli aň bilen söweşýän ýerinden, öňki filmde başlanan wakanyň yzyny dowam etdirer.
Kruz treýleriň çykmagy bilen birlikde film üçin afişany sosial ulgamlarda paýlaşdy.

Ýakynda çykjak filmiň býujeti 400 million dollar diýlip çaklanylýar.
Şu güne çenli franşizanyň iň soňky filmi “Missiýa ýerine ýetirerlik däl: Ölümli haklaşyk” 2023-nji ýylda kinoteatrlara çykdy. Film 291 million dollarlyk býujeti bilen 570 million dollardan gowrak girdeji gazandy.


düýn 20:14
1.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......