TmCars “Türkmentel – 2024” halkara sergisinde mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar

  • 13.11.2024 15:57
  • 10k+

14 – 16-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel – 2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler. Bu foruma TmCars platformasy hem gatnaşar.

Serginiň çäklerinde TmCars onlaýn platformanyň täze mümkinçilikleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar. Ulanyjylary ýygy-ýygydan gyzyklandyrýan sowallara jogap berer. Şeýle hem TmCars-da öz biznesini gurmak isleýänlere internet söwdasy, haýsy mahabat gurallaryndan peýdalanmagyň has netijeli boljakdygy barada maslahatlaryny berer.

TmCars näme?
TmCars – bu tölegsiz bildiriş goýulýan, awtoulaglary we dürli görnüşli harytlary satmak, satyn almak, hyzmatlary hödürlemek üçin ähli amatly şertleriň döredilen ýeri ýa­da onlaýn meýdançasy.
Platformada satlyk ýa-da kärendesine berilýän jaýlardan başlap, iýmit hyzmatlaryna çenli, iş we işgär gözleýänlerden başlap, elektronika we öý hojalyk harytlaryna, ýitirilen we tapylan zatlara, garaz, adam durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli diýen ýaly bildirişler ýerleşdirilýär.
Web saýt we mobil goşundy görnüşinde hereket edýän platformada mahabatlaryň üsti bilen ildeşlerimiz söwda nokatlarynda yglan edilen arzanladyşlar, amatly bahadan hödürlenilýän hyzmatlar barada hem maglumat alyp bilýärler.
2019-njy ýylyň martynda ykjam goşundyda HABARLAR bölümi açylyp, onda ýurdumyzyň we dünýäniň täzelikleri ulanyjylaryň dykgatyna ýetirilip başlandy.

TmCars-dan näçe adam peýdalanýar?

  • TmCars ykjam goşundysy Google Play-den 1 MILLIONDAN gowrak gezek ýüklenip alyndy;
  • Günüň dowamynda 10 MÜŇDEN gowrak bildiriş goýulýar;
  • TmCars-da goýulýan bildirişler günde ortaça 20 MILLIONDAN gowrak gezek görülýär;
  • Gündelik işjeň ulanyjylaryň sany 300 MÜŇDEN gowrak.

Bu sanlar yzygiderli artýar.
Türkmenistanda onlaýn hyzmatlary hödürlemekde ilkinjileriň hatarynda döredilen «TmCars» ykjam goşundysy, ilki, awtoulaglary satyn almak we satmak bildirişlerini goýmaga ýöriteleşdirilen bolsa-da, gysga wagtda onda ildeşlerimiziň satmak isleýän beýleki harytlaryny hem bildiriş edip goýmaga mümkinçilik döredildi.

TmCars barada has giňişleýin bilmek isleseňiz “Türkmentel-2024” sergisine geliň!


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......