Timoti Şalameniň baş keşbi janlandyrmagyndaky “Wonka” filminiň dowamy çykarylar

  • 13.11.2024 15:00
  • 5k+

“Wonkanyň” režissýory Pol King filmiň ikinji bölüminiň üstünde işläp başlandygyny we taslamanyň irki önümçilik tapgyryndadygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, awtorlaryň gyzykly bir wakasy bar we häzir deslapky ssenariýanyň ýarysy diýen ýaly taýýar.

“Biziň göwnümizden turan bir waka bar we biz ony nirä gönükdirmelidigini bilýäris. Belki, oňa nähilidir bir syýahaty goşmaga synanyşarys” – diýip, King belledi.

Režissýor filmiň reliziniň senesini aýtmady, ýöne ýakynda Warner Bros. relizleriň täzelenen tertibini hödürledi we onda 2027-nji ýylyň 17-nji dekabryna haýsydyr bir “atsyz maşgala filminiň dowamy” (Untitled WB Family Sequel) bellenipdir. Bu senäni hut “Wonkanyň” dowamynyň eýeläp biljekdigi çaklanylýar.
Birinji film Roald Dalyň “Çarli we şokolad fabrikasy” powestiniň prikweli boldy. Şalameden başga-da, oňa Hýu Grant, Oliwiýa Kolman, Salli Hokins, Kigen-Maýkl Ki we Rouen Atkinson gatnaşdy. Film 2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda prokata çykdy we 628 mln dollardan gowrak girdeji gazandy.
“Wonkanyň” we ikinji “Dýunanyň” üstünliginden soň, Timoti Şalame Warner Bros. bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy. Bu studiýanyň onuň dalaşgärligini ileri tutjakdygyny aňladýar.


şu gün 20:14
1.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......