Pol Meskal ýene-de Ridli Skottuň filminde baş keşbi janlandyrar. Bu gezek ol geljege syýahat eder

  • 13.11.2024 13:44
  • 5.5k+

Britaniýaly režissýor Ridli Skott bilen irlandiýaly aktýor Pol Meskal “Köpek ýyldyzlary boýunça” («По звездам пса») filmini surata düşürmek üçin ýene birleşýärler. Film Piter Helleriň adybir romanynyň esasynda düşürilýär.

15-nji noýabrda Beýik Britaniýada boljak “Gladiator 2-niň” ilkinji görkezilişinden soň, Skottuň we Meskalyň täze taslamany durmuşa geçirmäge başlajakdygy aýdylýar diýip, Variety habar berýär.
Film Skottuň kompaniýasy - Skott Free tarapyndan surata düşüriler, Smit bilen Kliff Robertson bolsa oňa prodýuserlik eder. Filmiň sýužeti raýat awiasiýasynyň “ýakyn geljekde boljak apokalipsis wagtynda” diri galmaga çalyşýan pilotynyň töwereginde ýaýbaňlanar. Ol Koloradodaky taşlanan bazada diňe itini we deňiz pyýada goşunynyň öňki esgerini hemra edinip ýaşaýar.
Film 2025-nji ýylyň ýazynda surata düşürilip başlanar we ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylda bolar.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......