Ýannik Sinner we Arina Sobolenko dünýäniň birinji raketkasy ady üçin kubok aldylar

  • 12.11.2024 18:02
  • 8.3k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň iki gezek ýeňijisi italiýaly tennisçi Ýannik Sinner 2024-möwsüminiň jemi boýunça dünýäniň birinji raketkasy ady üçin kubok aldy. Dabara duşenbe güni, 11-nji noýabrda Turinde (Italiýa) geçirilýän ATP-niň Jemleýji ýaryşy – 2024-de geçdi.

2024-nji ýylda Ýannik Sinner iki “Uly tuwulga” ýaryşynda – Australian Open we US Open ýaryşlarynda ýeňiji boldy. Ol jemi ýedi ATP titulyny gazandy.
23 ýaşly Sinner ATP-niň dünýä reýtinginde ilkinji gezek 2024-nji ýylyň iýun aýynda birinji orny eýeledi. 11-nji noýabrdaky reýtinge görä, italiýaly türgen ýakyn bäsdeşi germaniýaly Aleksandr Zwerewden 3000-den gowrak utuk aratapawudyna eýe.
“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi belarusly tennisçi Arina Sobolenko hem Er-Riýadda (Saud Arabystany) 2024-möwsüminiň jemi boýunça dünýäniň birinji raketkasy ady üçin kubok aldy.
2024-nji ýylda Arina Sobolenko iki “Uly tuwulga” ýaryşynda – Australian Open we US Open ýaryşlarynda ýeňiji boldy. Ol jemi dört WTA titulyna eýe boldy we üç gezek final oýunlaryna gatnaşdy. Er-Riýadda geçen hepde tamamlanan WTA-nyň Jemleýji ýaryşynda ol ýarym finala çykyp, geljekki ýeňiji amerikaly Kori Gauffdan utuldy.
26 ýaşly Sobolenko karýerasynda ilkinji gezek ýyly dünýä reýtinginiň lideri hökmünde tamamlady. Öň onuň iň gowy görkezijisi reýtingiň ikinji setiri bolupdy.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......