Marvel “Kapitan Amerika: Täze dünýä” we “Gök gürledijiler” filmleriniň täze treýlerlerini görkezdi

  • 12.11.2024 18:28
  • 6.7k+

Marvel “Kapitan Amerika: Täze dünýä” (“Капитан Америка: Новый мир”) filminiň soňky treýlerini, şeýle hem “Gök gürledijiler” (“Громовержцев”) filminiň treýlerini “ýörite garaýyş” formatynda görkezdi.

“Kapitan Amerika” filmi 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda bütin dünýäde görkeziler. Filmiň soňky treýleri D23 Brazil çäresinde görkezilipdi. Sýužetiň merkezinde Stiw Rojersiň galkanyny we wezipesini alan öňki Laçyn (Entoni Makki), şeýle hem gyzyl Halka (ýaşyldy) öwrülen, ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Teddeus Ross (Harrison Ford) bolar.
Wezipä täze bellenen Kapitan Amerika ýurdy hemme tarapdan uruş howpunyň astynda goýýan dildüwüşligiň ýumagyny çöşlemeli bolýar. Şeýle hem, treýlerde Kris Ewansyň keşbinde öň bolmadyk adatdan daşary güýçler görkezilýär.
Makki we Ford bilen bilelikde filmde Jankarlo Espozito oýnady, ol syrly Ýylanlar Jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň keşbini janlandyrdy.
"Gök gürledijiler" Merkezi aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan howply wezipäni ýerine ýetirmäge iberilen "şowsuzlaryň topary" hakda gürrüň berer. Dürli-dürli super agentlerden düzülen topar birleşip biri-biri bilen işleşmeli bolýar. Uzyn wideo tutuşlygyna diýen ýaly bir sahnadan ybarat. Onda agentler köne limuzinde  goşun jiplerinden gaçmaga synanyşýarlar.
Filmde Sebastýan Sten, Florens Pýu, Dewid Harbor, Uaýatt Rassel, Hanna Jon-Keýmen, Olga Kurilenko we şol öňki Harrison Ford oýnar. Sýužetiň jikme-jiklikleri häzirlikçe gizlin saklanýar.
“Gök gürledijiler” filminiň ilkinji görkezilişini 2-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......