Ýaponiýanyň imperatory Sigeru Isibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň täze düzümini tassyklady

  • 12.11.2024 17:00
  • 5.4k+

Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) lideri Sigeru Isiba ýurduň premýer-ministri wezipesine ýene saýlandy. Çözgüt hökümet baştutanyny tassyklamakda aýgytly ähmiýete eýe bolan aşaky palatada geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynda parlament tarapyndan kabul edildi diýip, Kyodo agentligi habar berýär.

Isiba deputatlaryň ýarysyndan gowragynyň goldawyny alyp, 221 ses gazandy, onuň esasy garşydaşy, oppozision Konstitusion-demokratik partiýasynyň başlygy Ýosihiko Noda 160 ses aldy. Jemi 381 ses berildi.
Ses berişlikde ýeňiş gazanandan soň, Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Isibanyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklady. Dabara Tokiodaky imperatorlyk köşgünde geçirildi we bu ýerde her bir ministre wezipä bellenilendigi barada resmi hat gowşuryldy.
Täze hökümetde diňe üç sany täze wekil peýda boldy: Isibanyň birinji administrasiýasyndan 19 ministriň 16-sy öz wezipelerini saklady.
Belläp geçsek, bu Isibanyň 1-nji oktýabrda premýer-ministr wezipesine ilkinji gezek bellenmeginden soň ikinji Ministrler Kabinetidir. Ol wezipä girişenden soň parlamenti boşatmak we saýlawçylaryň goldawyny almak üçin möhletinden ir saýlawlary geçirmek kararyna geldi. Netijede, onuň ýolbaşçylygyndaky Liberal-demokratik partiýasy we “Komeýto” Wekiller palatasynda (parlamentiň aşaky palatasy, ikisinden esasysy) köplügini ýitirdi. Muňa garamazdan, parlamentçiler onuň premýer-ministr hökmünde saýlanmagyny goldadylar.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

26.03.2026 21:03
4.8k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

24.03.2026 19:24
2k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...