Toyota Hytaýy saýlaýar: kompaniýa täze çemeleşme bilen awtoulag önümçiligini artdyrar

  • 13.11.2024 05:51
  • 9.1k+

Toyota Hytaýda önümçiligi artdyryp, 2030-njy ýyla çenli ýylda azyndan 2,5 mln awtomobil çykarmagy meýilleşdirýär. Bu ädim awtoöndürijiniň dünýäniň iň uly awtomobil bazarlarynyň birinde, aýratynam, hytaý öndürijileri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe işewürligi işjeň ösdürmäge tarap strategik öwrülişigini görkezýär diýip, Reuters habar berýär.

Toyota-nyň bu strategiýasy Hytaýda önümçiligi azaldýan ýa-da bu bazardan gidýän beýleki global awtoöndürijileriň strategiýalaryna çapraz gelýär. Onýyllygyň ahyryna çenli önümçilik ýylda 3 mln awtomobile ýetip biler diýlip meýilleşdirilýär.
2022-nji ýylda Hytaýda öndürilen 1,84 mln awtomobil bilen deňeşdirilende, önümçiligi 63% artdyrmak meýilnamasy kompaniýanyň HHR-de çynlakaý ornaşmak isleýändigini görkezýär. Toyota eýýäm birnäçe üpjün edijilere önümçiligiň artdyryljakdygy barada habar berdi, bu öz gezeginde olaryň kompaniýanyň Hytaý bazaryndaky uzak möhletleýin meýilnamalaryna bolan ynamyny güýçlendirip, durnukly üpjünçilik zynjyryny üpjün etmeli.
Täze strategiýanyň çäklerinde Toyota netijeliligi ýokarlandyrmak üçin Hytaýda iki sany bilelikdäki kärhanasynyň satuw we önümçilik bölümlerini birleşdirmek isleýär. Bu meýilnamanyň ýene bir möhüm elementi täze modelleri işläp taýýarlamak üçin jogapkärçiligiň bir bölegini ýerli isleglere has çuňňur düşünýän hytaýly hünärmenlere bermek bolar. Bu ädimler önümleri işläp taýýarlamak prosesini çaltlaşdyrmaga we Hytaý bazaryna uýgunlaşmaga kömek eder.
Şeýle-de, Toyota öz hytaýly hyzmatdaşlarynyň awtomobil işläp taýýarlamak tejribelerini göz öňünde tutmak üçin, olar bilen has ýakyndan işleşmegi meýilleşdirýär.
Şeýlelikde, Toyota Hytaý bazaryndaky barlygyny berkidip, döwrüň kynçylyklaryna jogap bermegi we alyjylaryň üýtgeýän zerurlyklaryna uýgunlaşmagy maksat edinýär.


düýn 23:03
751

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......