Maýk Taýson super gahrymanly “Towşan adam” italýan filminde surata düşer

  • 11.11.2024 15:31
  • 8.2k+

Italiýada “Towşan adam” («Человек-кролик») atly super gahrymanly film surata düşürilip başlanýar. Filmde boksçy Maýk Taýson, amerikaly aktýor Jeýms Frank we italýan aktýory, “Jango” («Джанго») spagetti-westerniniň ýyldyzy Franko Nero oýnar.

Geljekki filmiň sýužeti towşanyň nikabynda erbet güýçlere garşy göreşýän anonim multimillioner-super gahrymana bagyşlanýar diýip, Deadline ýazýar. Ol aýal doganynyň aryny almak isleýär.
Filme Andrea Ierwolino (“Ferrari”, “Lamborgini: rowaýaty adam”) prodýusserlik eder, şeýle-de, baş keşpde hem onuň özi oýnar.
Film trilogiýanyň ilkinji filmi bolar.
“Towşan adamyň” super gahrymanlar hakdaky pikirlerimizi üýtgetjekdigine ynanýaryn. Bu gahryman, diňe bir özi hakdaky hekaýatda däl, eýsem tomaşaçylaryň oňa bolan garaýşynda-da syry we döwrebaplygy özünde jemleýär. Ilkinji super gahrymanly italýan franşizasyna prodýusserlik etmek mertebedir we onuň dünýä bazarynda ýatdan çykmajak yz galdyrjakdygyna ynanýaryn "- diýip Ierwolino habar berdi.
Film noýabr aýynyň ortalarynda Italiýada surata düşürilip başlanar. Filmiň ep-esli bölegi wirtual giňişlikde surata düşüriler. Filmiň režissýorynyň kimdigi we ekranlara haçan çykjakdygy entek belli däl.


şu gün 20:14
458

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
1.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......