“Lukasfilm” studiýasy “Ýyldyzara söweşler” esasynda täze trilogiýa döreder

  • 11.11.2024 15:18
  • 1k+

“Lukasfilm" studiýasy “Ýyldyzara söweşler” («Звёздных войны») esasynda täze trilogiýany surata düşürip başlar. Bu barada Deadline habar berýär.

Täze trilogiýanyň esasy "Skaýuoker" dessanynyň dowamy ýa-da “Ýyldyzara söweşleri” düýbünden garaşsyz bir hekaýa bolup biljekdigi habar berildi. Trilogiýa - bu özara baglanyşykly üç bölekden ybarat edebi ýa-da kinematiki eserdir.
Trilogiýanyň edebi esasynyň awtory “X-Men”, “Teleport”, “Şerlok Holms” we “Ýyldyzara söweşleri: Gozgalaňçylar” ýaly filmlerdäki işleri bilen tanalýan Simon Kinberg bolar. Ol "Lukasfilmiň" prezidenti Katlin Kennedi bilen bilelikde taslamanyň üstünde işlär.
"Lukasfilm" kinonyň edebi esasyny ösdürmek we täze trilogiýany öndürmek üçin Kinberg bilen şertnama baglaşdy. Şeýle-de bolsa "Uolt Disneý" we "Lukasfilm" taslamanyň jikme-jikliklerini entek aýan etmediler.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......