“Buz eýýamy” multfilminiň altynjy bölümi 2026-njy ýylda çykar

  • 11.11.2024 14:57
  • 3.5k+

Disney kompaniýasy we 20th Century Animation studiýasy “Buz eýýamy” (Ледниковый период) multfilminiň altynjy bölümini çykarar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, franşizanyň täze bölümi D23 Brasil festiwalynda anons edildi. Multfilmi döretmek işleri eýýäm alnyp barylýar, Disney täze bölümiň logotipini-de hödürledi. Altynjy bölümde Reý Romano (Menni), Jon Leguizamo (Sid), Kuin Latifa (Elli), Denis Liri (Diego) we Saýmon Pegg (Bak) öz rollaryna gaýdyp geler.
Lentanyň 2026-njy ýylda prokata çykmagyna garaşylýar.
“Buz eýýamynyň” birinji bölümi 2002-nji ýylda çykdy. Mamont, leniwes we gaplaň hakyndaky animasion film 383,2 mln dollardan gowrak girdeji gazanyp, şol ýylyň iň girdejili multfilmi boldy. Franşizanyň soňky bölümi “Buz eýýamy: Uly çaknyşyk” (Ледниковый период: Столкновение неизбежно) 2016-njy ýylda çykdy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......