Microsoft Windows 11-iň Notepad we Paint programmalaryna täze AI funksiýalaryny goşdy

  • 11.11.2024 14:49
  • 1k+

Microsoft Windows 11-iň Notepad we Paint programmalaryna täze emeli aň funksiýalaryny goşdy. Häzirki wagtda bu täzelenmeler diňe çäkli mukdardaky synagçylar üçin elýeterlidir diýlip, Windows Insider blogunda aýdylýar.

Indi Notepad tekstiň uzynlygyny we sazlaşyklylygyny üýtgedip, teksti başga sözler bilen beýan edip bilýär. Munuň üçin ulanyjylar teksti saýlap, “Täzeden ýazmak” opsiýasyny ulanmaly. Bu funksiýa häzirki wagtda diňe ABŞ-da, Angliýa, Kanada, Fransiýa, Italiýa we Germaniýada elýeterlidir.
Paint-de suraty redaktirlemek üçin emeli aň gurallary peýda boldy. “Generative Fill” isleg boýunça bölekleri goşmaga, “Generative Erase” bolsa şekiliň böleklerini aýryp, boşlugy doldurmaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyklar ulanyjylara suratlary has çalt redaktirlemäge kömek eder.
Microsoft bu täzelenmeleriň haçan ähli ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygyny kesgitlemedi, ýöne olaryň birnäçe aýdan çykaryljakdygy çak edilýär.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......