Microsoft özüniň AI hyzmatlaryny Windows Intelligence brendi astynda  birleşdirer

  • 10.11.2024 23:49
  • 1.4k+

Microsoft korporasiýasy emeli aň (AI) hyzmatlarynyň hemmesini täze Windows Intelligence brendi astynda birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Windows Central habar berýär.

Neşiriň bilermenleri Windows 11-iň ulgam kodunda Windows Intelligence salgylanmalaryny tapdylar, bu bolsa Copilot ýaly bar bolan AI gurallarynyň adynyň üýtgedilmeginiň ähtimaldygyny görkezýär.
Häzirki wagtda Copilot ady Github-da we Bing Chat-da kody awtomat doldurmagy  goşmak bilen, Microsoft-yň birbada birnäçe AI önümi babatda ulanylýar. Žurnalistler, Apple Intelligence-iň mysalynda, AI hyzmatlaryny ulanyjylara has düşnükli we özüne çekiji etmek üçin kompaniýanyň rebrend bermek kararyna gelendigini öňe sürýärler.
Hünärmenleriň pikirine görä, rebrending Microsoft-a AI hyzmatlaryny tapawutlandyrmaga we emeli aňyň ulanylyşyna has bitewi çemeleşmäni hödürlemäge mümkinçilik berer. Şeýle-de bolsa, Microsoft-yň “Copilot” adyndan düýbünden ýüz öwürmek niýeti ýok, bu aýratyn AI esasly gurallaryň biri üçin saklanyp bilner.
Şol bir wagtda Microsoft ulanyjylara AI-niň kömegi bilen öňki işlerine gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýän Windows 11 üçin Recall funksiýasynyň goýberilmeginiň nobatdaky gezek gijä galýandygyny yglan etdi. Kompaniýa täze funksiýanyň goşmaça işlenilmegi talap edýändigini we soňrak elýeterli boljakdygyny aýtdy.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......