"Pingwiniň" üstünliginiň netijesinde "Betmeniň" döredijisi Joker hakda serial taýýarlamak kararyna geldi

  • 10.11.2024 11:16
  • 3.8k+

“Betmen” filminiň režissýory Mett Riwz aktýor Barri Keoganyň keşbi ýerine ýetirmeginde Jokere bagyşlanan täze serialyň üstünde işleýär. Golliwudyň insaýderi Jeff Snaýderiň sözlerine görä, seriýalyň wakalary “Betmen” franşizasynyň ikinji we üçünji bölümleriniň arasynda ýaýbaňlanar.

“Soltbern” we “Inişeriniň Banşileri” («Банши Инишерина») filmleri bilen tanalýan Barri Keogan Riwziň ilkinji filminiň soňky sahnalarynda Joker hökmünde ilkinji gezek çykyş etdi. Bu bölümde Keoganyň oýnaýan gahrymany, Arkhemiň türmesinde oturan Riddler (Pol Dano) bilen aragatnaşyk saklaýar, bu zalymyň keşbine gaýdyp geljekdigi baradaky myş-myşlary döretdi.
“Betmen” filminiň indiki bölüminiň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Režissýoryň oturgyjyny ýene bir gezek eýelejek Riwz dowamynyň realizme we darykdyryjy atmosfera köpräk üns bermek bilen, fantastiki zalymlary öz içine almajakdygyny aýtdy.
Franşizadaky ilkinji film Brýus Ueýniň Gotam şäheriniň “iň uly detektiwi” bolup işlän ilkinji ýyllaryna ünsi jemledi we dünýäde 772 million dollar gazandy. Onda Betmenyň keşbini Robert Pattinson ýerine ýetirdi. Beýleki keşplerde Zoi Krawis (Pişik-aýal), Endi Serkis (Alfred Penniuort), Kolin Farrell (Pingwin) we Jeffri Raýt (polisiýanyň başlygy Jeýms Gordon) oýnaýar.
Ondan öň HBO-da Kolin Farrelliň baş keşbi janlandyrmagynda “Pingwin” serialy çykdy. Görkezilişiň ilkinji dört gününde taslama 5,3 million tomaşaçyny özüne çekdi we hakyky hite öwrüldi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......