Timoti Şalameniň gatnaşmagynda “Beýik Marti” filmi A24 studiýasynyň iň gymmat filmi bolar

  • 10.11.2024 10:15
  • 3k+

A24 kinokompaniýasy baş keşbi Timoti Şalameniň ýerine ýetirmeginde “Beýik Marti” (Марти величайший) filminiň önümçiligine rekord mukdarda serişde sarp etdi diýip, Deadline habar berýär. Stol tennisi boýunça tanymal oýunçy baradaky film, takmynan, 70 mln dollara düşdi – bu guramanyň taryhynda iň ýokary býujetdir.

Öň, A24 studiýasynyň iň gymmat filmi režissýor Aleks Garlendiň “Imperiýanyň ýykylmagy” (Падение империи) trilleridi. Onuň býujeti 50 mln dollar boldy, prokatyň netijesinde lenta 126 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Žurnalistler kinokompaniýanyň birnäçe ýyl ozal özüni garaşsyz filmleri prokata goýberiji hökmünde görkezen bolsa-da, häzir öz filmleriniň býujetini artdyrmagy dowam etdirýändigini belleýär.
“Beýik Marti” filmi iň meşhur we köp titully ping-pong oýunçylarynyň biri Marti Reýsman barada gürrüň berer. Onuň wakalary 1950-nji ýyllarda ýaýbaňlanýar, film üçin ylham çeşmesi bolup “Başarsaň, tut meni” (Поймай меня, если сможешь) we “Uoll-strit möjegi” (Волк с Уолл-стрит) lentalary hyzmat etdi.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......