Ýewropa Bileleşigi Apple-e jerime salmaga taýýarlanýar: kompaniýa AppStore-da bäsdeşligi çäklendirýär

  • 09.11.2024 18:13
  • 8.7k+

Ýewropa Bileleşigi iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilen Sanly bazarlar baradaky täze kanunyň (DMA) çäklerinde Apple kompaniýasyna ilkinji jerimäni salmaga taýýarlanýar. 

Bloomberg we Reuters agentlikleriniň maglumatlaryna görä, bu jerime Apple-iň işläp düzüjiler üçin çäklendirme girizmegi bilen baglanyşyklydyr. Has takygy, kompaniýa işläp düzüjilere hyzmatlary has amatly bahadan tölemek üçin ulanyjylary App Store-dan daşary gönükdirmegi gadagan edýär. Ýewrokomissiýa şeýle hereketleri bäsdeşlik üçin böwet hasaplaýar.
Çeşmeler jerimäniň noýabr aýynyň ahyryna çenli, ýagny ÝB-niň bäsdeşlik meseleleri boýunça häzirki komissary Margaret Westageriň wezipede wagty salnyp bilinjekdigini belleýär. Ýogsam, çözgüt has giçki möhlete süýşürilip bilner, ýöne çaklamalara görä, çözgüt ýylyň ahyryna çenli çykarylar. Bir gezeklik jerimeden başga-da, Apple kompaniýanyň işi DMA talaplaryna laýyk gelýänçä hereket etjek dowamly tölegler bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
Sanly bazarlar baradaky kanun 2024-nji ýylyň mart aýynda doly güýje girdi. Ol birinji gezek düzgün bozulma ýagdaýynda kompaniýanyň umumy satuwynyň 10%-ine we düzgün bozulma gaýtalanan ýagdaýynda 20%-ine çenli möçberde jerimäni göz öňünde tutýar. Şeýle-de, ortaça günlük girdejiniň 5%-ine çenli döwürleýin jerimeler göz öňünde tutulandyr.
Apple Bloomberg-iň bu babatda haýyşyna teswir bermedi, Ýewropa Komissiýasy hem giňişleýin düşündiriş bermekden saklandy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....