Angliýaly bir adam öz ýurdunyň şekilindäki tebigy altyn bölejigini tapdy

  • 09.11.2024 18:00
  • 14k+

Angliýaly Jonatan Nidhem Beýik Britaniýa adasynyň şekiline meňzeýän altyn bölejigini tapdy. 10 gramlyk altyn bölejigi Staffordşir we Derbişir sebitlerinde tapyldy diýip, Daily Mail habar berýär.

Jonatan altyn bölejiginiň tebigy ýagdaýda emele gelendigine ynanýar. Angliýada tebigy altynyň tapylmagy seýrek ýagdaýdyr.
Nidhem altynyň gelip çykyşyny tassyklamak üçin ony barlaga berdi. Hünärmenler altynyň häzirki bazar bahasyny 800 funt sterling diýip çaklaýarlar. Eger altyn eredilmegiň netijesinde däl-de, tebigy ýagdaýda emele gelen bolsa, onuň bahasy ep-esli ýokarlanar.
Angliýanyň hazynalar babatda kanunyna laýyklykda, taryhy ýa-da medeni ähmiýete eýe bolup biljek ähli tapyndylar, gözlegçileriň we muzeýleriň öwrenmegi we zerur bolan ýagdaýynda jemgyýetçilik kolleksiýalary üçin 14 günüň içinde hasaba alynmalydyr.
Nidhemiňki ýaly açyş taryhy tapyndylary gorap saklamagyň möhümdigini görkezýär we geçmişiň täze sahypalaryny açyp, has köp gözleglere ylham berýär.


düýn 19:18
1.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......