"Towuk ilki döräpmi ýa-da ýumurtga?”: Alymlar bu syrly sowalyň jogabyny tapdylar 

  • 08.11.2024 23:52
  • 26k+

Ženewa uniwersitetiniň şweýsariýaly alymlary bir öýjükli ýaşaýyşdan köp öýjükli organizmlere geçişiň ilkinji gezek Ýerde ýüze çykandygyny anykladylar. Bu ewolýusiýanyň nukdaýnazary ilki "towuk döräpmi ýa-da ýumurtga?" diýen belli sowala jogap bermäge mümkinçilik berýär. Bu gözleg “Nature” ylmy žurnalynda çap edildi.

Toparyň alymlary 2017-nji ýylda Gawaý adalarynyň kenaryndaky deňiz çökündilerinde ýüze çykarylan bir öýjükli organizm bolan "Hromosphaera perkinsii" öwrendiler. Bu jandarlaryň Ýer ýüzünde barlygynyň ilkinji alamatlary milliard ýyl mundan ozal, haýwanlaryň döremeginden has öň ýüze çykypdyr.
Gözlegçiler “Hromosphaera perkinsii”-iň köp öýjükli gurluşlary döretmäge ukyplydygyny anykladylar diýip, rambler.ru ýazýar.
Öň görlüp-eşidilmedik bu koloniýalar ömrüniň, takmynan, üçden bir bölegini dowam etdirýär we azyndan iki dürli öýjük görnüşini öz içine alýar, bu organizm üçin geň galdyryjy hadysadyr.
Has geň galdyryjy zat, bu öýjükleriň bölünişiniň we kabul eden üç ölçegli gurluşynyň haýwanlaryň düwünçejik ösüşiniň irki döwürlerine meňzeşligidir.
Gözegçilikler düwünçejik ösüş üçin jogapkär genetiki programmalaryň haýwanat dünýäsi ýüze çykmazdan ozal bardygyny ýa-da C. perkinsiiniň şuňa meňzeş amallary ösdürmek üçin özbaşdak ösendigini görkezýär.
Şonuň üçin tebigat “towugy ýüze çykarmazdan” öň, “ýumurtga döretmek” üçin genetiki gurallara eýe bolupdyr diýip, alymlar belleýär.


17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.6k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.6k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......