“Arkeýn” $250 mln býujet bilen taryhda iň gymmat multserial boldy

  • 08.11.2024 14:55
  • 5.1k+

Riot Games studiýasynyň “Arkeýn” multserialy taryhda iň gymmat multserial boldy. Variety neşiriniň önümçilik prosesinden habarly çeşmelere salgylanmagyna görä, bu taslamanyň iki möwsümi üçin 250 mln dollar sarp edildi.

Dokuz sany 40 minutlyk bölümden ybarat bolan birinji möwsümiň bahasy 80 mln dollar boldy. Ikinji möwsüm has gymmada – takmynan, 100 mln dollara düşýär.
“Arkeýniň” önümçiliginiň şeýle gymmat bolmagynyň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, taslama köp resurs talap etdi, bölümler üçin ssenariýalar öz wagtynda taýýarlanylmady, bu bolsa prosesi haýallatdy. Ikinji möwsüm ssenariýalar doly işlenip gutarmanka surata düşürilip başlandy, bu hem goşmaça çykdajylara sebäp boldy.
Studiýa birinji möwsümiň marketingine rekord 60 mln dollar sarp etdi, bu onuň taslamalary ilerletmek üçin adaty harajatlaryndan birnäçe esse köpdür. Ikinji möwsümiň mahabatyna kompaniýa az mukdar bölüp aýyrmagy meýilleşdirýär.
Pudak çeşmeleri ýokary çykdajylary animasiýa we güýmenje pudagynda Riot Games-iň tejribesizligi bilen baglanyşdyrýarlar. Studiýa ilkibaşda “Arkeýniň” bäş möwsümini çykarmagy meýilleşdirdi, ýöne indi ikinji möwsüm jemleýji bolar.
“Arkeýn” meşhur League of Legends oýnuna esaslanýar. Serial 2021-nji ýylyň noýabr aýyndaky premýerasyndan soň meşhurlyk gazandy. Ol tomaşa boýunça hatda “Kalmar oýny” koreý serialyndan hem öňe geçdi we 2022-nji ýylda animasiýada gazanan üstünlikleri üçin üç “Emmi” baýragyna mynasyp boldy.
Ikinji möwsümiň birinji aktynyň premýerasy 9-njy noýabrda bolar.


düýn 22:20
1.6k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
4.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.4k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....