Maýkl Jekson baradaky filmiň görkezilişi baýrak möwsümine sazlanyp, ýarym ýyl yza süýşürildi

  • 08.11.2024 11:48
  • 6.1k+

“Pop aýdym-sazynyň şasy” Maýkl Jeksonyň durmuşyna bagyşlanan “Maýkl” filminiň çykjak möhleti alty aý yza süýşürildi. Lentanyň premýerasy 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda bolar diýip, Collider neşiri habar berýär.

Surata düşürmek işleriniň gijikdirmesiz geçirilendigine garamazdan, Lionsgate studiýasy biografik filmiň gowşurylyş dabarasy, adatça, gyşda geçirilýän baýraklar ugrunda bäsleşip bilmegi üçin möhleti yza süýşürmek kararyna geldi.
Studiýanyň wekilleriniň belleýşi ýaly, filmiň birnäçe nominasiýada görkezilmek üçin uly mümkinçiligi bar. Lionsgate taryhyň tomaşaçylaryň we tankytçylaryň seslenmesini aljakdygyna ynanýar.
Filmiň režissýory hökmünde Antuan Fukua çykyş etdi, ssenariýany Jon Logan ýazdy.

“Men netijeden örän hoşal. Öňem aýdyşym ýaly, montaž heniz irki tapgyrda, şonuň üçin bu barada kän gürleşmek islämok. Maýkl meniň durmuşymyň uly bölegi boldy, haçan-da ulalamda, karýerama uly täsir etdi, üýtgeşik artistdi, ýöne şol bir wagtyň özünde ol şahsyýetdi we biz muny öwrenýäris” – diýip, Fukua belledi.

Film jemgyýetçilik durmuşy bilen hususy ýekeliginiň arasynda deňagramlylygy saklaýan hem-de başdan geçirmedik çagalygynyň öwezini dolmaga ymtylýan Jeksonyň çylşyrymly durmuşyny öwrenýär. Baş keşbi sazandanyň ýegeni Jafar Jekson ýerine ýetirdi. Beýleki rollarda Kolman Domingo, Nia Long, Ket Grem we Kendrik Sempson çykyş etdi.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......